Soraglar
1- AÝDYMLAR MUGTMY?

Websaýtymyzdaky ähli mp3ler, klipler, albomlar mugtdyr. Islendik görnüşde indirip bilersiňiz. 
Mp3leri ähli zyýaratçylar we agzalar indirip bilerler. Klipleri diňe V.I.P. Agzalar online görüp we isleseler indirip hem bilerler.

Üns beriň: 
Saýtymyzdaky ähli aýdymlar we klipler mugt. Mugt diýmegimiziň sebäbi – sizden hiç bir ýagdaýda indiriljek aýdym we klipler üçin pul islemeýäris. Siziň tarif planyňyza göra ulgam (Altyn Asyr / MTS) Internet hymzaty üçin hasabyňyzdan pul alynýar. Web saýtymyzda aýdymlary indirmek siziň öz islegiňize görädir. 

Çünki başga web saýtlaryndan şol bir mp3 üçin 5-6 Mb. şol bir klip üçin iň azyndan 30 Mb. indirmegiň ýerine biziň web saýtymyzda mp3 üçin ortaça 2.5 Mb. klip üçin bolsa maksimum 20-22 Mb. indirip bilersiňiz.  Bu şekilde, şol bir aýdymy has arzan indirip we diňläp bilersiňiz! 

2- AÝDYMLARY NÄHILI INDIRMELI?

Islän aýdymyň ýa-da aýdymçynyň adyny gözledip tapyp bilersiňiz, ýa-da SOŇKY GOŞULANLAR, MEŞHUR AÝDYMLAR, SOŇKY GÖRÜLENLER ýaly bölümlerimize seredip göwnüňize ýaran aýdym faýllarynyň üstüne basyň. Sag tarapda "PLAYLIST"-den islän faýlyň üstüne basyň. Açylan sahypadaky 5 sekuntlyk reklamadan soň awtomatik şekilde PLAY we YÜKLE düwmeleri çykar. Bu düwmeleriň kömegi bilen isleseňiz online görüp ýa-da diňläp, isleseňiz faýly kompýuteriňize ýa-da telefonyňyza indrip bilersiňiz.

3- V.I.P. AGZA NÄHILI BOLMALY?

VİP Agza bolmak örän äňsatdyr. Ilki bilen telefonyňyzdaky LINE Programmasyny açyň we bizi ID-mize görä gözledip, @aydymlar akkauntyny tapyň. Bizi goşanyňyzdan soň, resmi hasabymyzy öz lentaňyzda paýlaşyň we ekranyň skrinşotyny alyň. Soňra saýtymyzda ýönekeý agza hökmünde registrasiýa boluň.

Ulanyjy adyňyzy we ekran skrinşotyny bize LINE bilen ugradyň. Bolany!!! :)

VİP AGZALYGYŇYZ dessine aktiwleşdiriler we ähli faýllary çäksiz görüp we indirip bilersiňiz!


4- BU SAÝTDA REKLAMA BERIP BILERINMI?

Web saýtymyz gün-günden has köp zyýaratçylaryň ünsüni çekýär! 
Siz hem bundan peýdalanyp we reklamaňyzy ýerleşdirip, dükanyňyzy ýa-da meselem ulanyjylary bimaza etmän LINE akkauntlaryňyzy tanadyp bilersiňiz!!! Biziň bilen HABARLAŞMAK bölüminden jikme-jik maglumatlary alyp, iň gysga wagtda reklamalaryňyzy ýerleşdirip bilersiňiz.